JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň hususy hojalyklarynda 1 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz harç edildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri ýylyň başyndan bäri sarp edijilere 1,5 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz tebigy gazy ugratdylar. Ugradylan ýangyjyň agramly bölegini, has takygy, 1 milliard kub metrden gowragyny Lebap welaýatynyň hususy hojalyklary sarp etdiler.

Üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda täze gaz geçirijileriň 31,5 kilometrden gowragy guruldy. Bu bolsa «mawy ýangyçdan» peýdalanýan hususy hojalyklaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Bu görkeziji häzirki wagtda 210,5 müňden hem aşdy. Hojalyklaryň ählisinde gaz ölçeýji enjamlaryň oturdylmagy bu ýangyjyň sarp edilişine gözegçiligiň netijeli ýola goýulmagyna we olar üçin tölegleriň wagtly-wagtynda geçirilmegine uly ýardam berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: