Kerkide şaşka boýunça ýaryş geçirildi

«Kerkişäheragyzsuw» müdirliginde şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde guran çäresine müdirligiň işgärleri gatnaşdylar.

Ýaryş ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini guramak maksady bilen guraldy. Aglabasy ýaşlardan duran hünärmenler öz aralarynda birinjiligi almak ugrunda göreşdiler. Ýaryşda gowy netijeleri görkezen hünärmenlere ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector