YKDYSADYÝET

Türkmenistanda temmäki önümleriniň we olaryň senagat çalşyryjylarynyň bahasy gymmatlar

Türkmenistanda temmäki önümlerine, şonuň ýaly-da senagat taýdan öndürilen beýleki temmäkilere we olaryň senagat çalşyryjylaryna bolan goşmaça töleg salgydy galdyryldy. Bu «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girilen goşmaçada we üýtgetmelerde göz öňünde tutulan. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Kanuna gol çekdi.

Oňa laýyklykda, temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegler gümrük bahasynyň 93 göterimine (ozal 74 göterimdi) we her gap üçin azyndan 4 ABŞ dollaryna (ozal ABŞ-nyň 3 dollaryna barabardy) çenli  ýokarlandy. Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we onuň senagat çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi 15,6 göterim bolanlygyndan 19,5 göterime çenli ýokarlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: