JEMGYÝET

«Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly şadyýan bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlenildi

Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda yglan eden «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly şadyýan bäsleşiginiň welaýat tapgyry üstünlikli jemlenildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen bäsleşige etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça körpeler çeper okaýyşlar arkaly özlerini tanyşdyrdylar. Olar watançylyk mowzugyna degişli goşgyny labyzly okamak boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän tanslar bilen çykyş etdiler. Netijede Türkmenabat şäherindäki 39-njy çagalar bagynyň körpeleri baş baýraga, Çärjew etrabyndaky 6-njy çagalar bagynyň topary birinji, Köýtendag etrabyndaky 7-nji we Farap etrabyndaky 19-njy çagalar baglarynyň körpeleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: