JEMGYÝET

Doňuzlar adamyň ýüzüni we ýeňsesini tapawutlandyryp bilýärler

Doňuzlar adamyň ýüzüni we ýeňsesini tapawutlandyryp bilýärler. 33 sany haýwan bilen synag geçiren Wena uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler, diýip «mir24.tv» saýty habar berýär.

Synag geçirilýän jojuklary iki topara bölüpdirler. Olaryň hersine nirede ýüz, nirede ýeňsedigini anyklamak wezipesi goýlupdyr. Her dogry jogap üçin haýwanlary tagam hödürlemek bilen höweslendiripdirler. 80% ýagdaýda doňuzlar jogaby dogry saýlapdyrlar. Bu alymlara doňuzlaryň hojaýynynyň ýüzüni we ýeňsesini tapawutlandyryp bilýändigi barada netije çykarmagyna mümkinçilik beripdir. Synagdan geçirilýän haýwanlara adamlaryň gözüni, burnuny we agzyny nädogry ýerleşdirip görkezenlerinde, olar dogry jogaby saýlap almakda öňküsinden iki esse köp ýalňyşypdyrlar. Mundan hünärmenler doňuzlaryň adamlaryň ýüzüniň detallaryna çenli ýatlaýarlar diýip netije çykarypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: