BIZE YAZYARLAR

Döwrüň möhüm meselesi

Danalar şeýle öwüt edipdirler: Eger bir ýyl geljegiňi pikir etseň şaly ek! On ýylyň aladasyny etseň agaç ek! Eger-de geljek 100 ýylyň barada aladalansaň gowy nesil terbiýele! Akyldarlaryň şeýle wesýetlerinden ugur alnyp, halkymyzda ýaş nesliň terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Munda pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilip, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribeleri ulanylýar. Çünki gadymyýetde we orta asyrlarda şöhratly yz galdyran milletimizde beýik şahsyýetleriň ençemesi kemala gelipdir. Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg we Çagry beg, Ärtogrul Gazy, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Salyr Gazan, Keýmir serdar ýaly edermenlerimiziň ýoly bize watansöýüjiligiň, wepalylygyň, edermenligiň, ynsanperwerligiň we adalatlylygyň nusgasydyr.

Ýaşlaryň geljegi barada aýratyn alada edýän Gahryman Arkadagymyz hem terbiýäniň on iki görnüşiniň bardygyny nygtaýar. Olar şulardan ybaratdyr: watançylyk terbiýesi; döredijilik we zehin terbiýesi; akyl we pikir terbiýesi; ylym terbiýesi; medeni aň-düşünje terbiýesi; kär-hünär terbiýesi; sungat terbiýesi; syýasy terbiýe; maliýe-ykdysady terbiýe; jemgyýetçilik terbiýesi; dil terbiýesi; ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi. Görnüşi ýaly, terbiýäniň bu görnüşleri ýaş nesiller üçin ata-babalarymyzyň nusgalyk durmuş mekdebidir, asylly ýörelgeleridir. Emma terbiýäniň her bir ädiminde çagany gurşap alan jemgyýetiň, maşgala agzalarynyň orny uludyr. Her bir işde ýaşlara görelde bolmak bilen biz olaryň ýagşy işleri durmuşa geçirmeklerine mümkinçilik dörederis. Ýaş nesilleri durmuşa taýýarlamakda milli terbiýä aýratyn üns bermek zerurdyr. Munda oglanlaryň hakyky watançy we zähmetsöýer bolmaklaryna we gyzlaryň elmydama eli işi bolmaklaryna hem aýratyn üns berilýär, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň wesýetlerine ýygy-ýygydan ýüzlenilýär.

Biz hem körpe nesiller bilen alyp barýan işlerimizde halk döredijiliginiň görnüşlere we nusgawy şahyrlarymyzyň öwüt-ündew häsiýetli şygyrlaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Çünki beýik söz ussatlarynyň döredijiliginde watansöýüjilik, görüm-görelde, ahlaklylyk baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Dilaram Jumageldiýewa,

Çärjew etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: