BIZE YAZYARLAR

Döwrebap bilim ojagy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biridir. Onda häzirki zaman hünärler boýunça iň döwrebap usullarda bilim berilmegi muňa şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabyndaky: “Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, bilim beriş ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary, işiň ylmy taýdan gazananlaryny esaslandyrylan görnüşde tejribä ornaşdyrmaga degişli çäreler biziň uniwersitetimizde üznüksiz alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”tassyklamak hakyndaky Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Biziň uniwersitetimiz hem işiniň ilkinji pursatlaryndan başlap, bu Konsepsiýany durmuşa geçirip gelýär. Ýokary okuw jaýymyz açylany bäri ähli sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Onda Dil öwreniş bölümi bar bolup, ähli birinji ýyl talyplara öz iňlis dili derejesini kämilleşdirmäge, ýapon diliniň başlangyç derejesini ele almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa okuwyň soňky ýyllarynda hünärlerini iňlis we ýapon dillerinde öwrenmäge ýardam edýär.

Kämil bilim ulgamyny özgertmek üçin diňe kämil tehnologiýa däl, eýsem zehinli talyplar gerekdir. Şol sebäpden hem has köp zehinli talyplaryň ünsüni çekmek üçin  biziň uniwersitetimiz geçen ýyllarda ýurt derejesinde orta mekdep okuwçylary üçin “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasyny, 18-35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigini gurnady. Iki çäre hem ýokary netije berip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Times Higher Education Awards Asia 2024” sanawynyň “Student  Recruitment Campaign of the Year” ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegine ýardam etdi. Häzirki wagtda hem, uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly II integrirlenen olimpiýadanysyny geçirmek üçin taýynlyk işleri alnyp barylýar. Bu yzygiderli geçirilýän çäreleriň esasy maksady bolsa, aýratyn zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan, Türkmenistanyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasyny döretmekden, etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň zehinini ýüze çykarmak we olaryň bilimlerini artdyrmakdan, orta we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň özara pikir alyşmaklaryna ýardam bermekden, orta we ýokary bilimi utgaşdyrmakdan, okuwçylara özbaşdak we döredijilikli pikirlenmegi, standart däl meseleri çözmegi, ylmy meselerden baş alyp çykmagy öwretmekden, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge we nazary bilimlerini amalyýetde ulanmaga höwes döretmekden,  “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň bilimlerini üznüksiz artdyrmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “…Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýaly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurulýan desgalaryň, bezeg binalarynyň şekil taslamalaryny, çeperçilik-dizaýn bezeglerini, olarda ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň täzeçil çözgütlerini taýýarlamaga işjeň gatnaşýandyklaryna guwanýaryn” diýip ýazmagy bizi – bu uniwersitetiň talyplaryny täze işlere, taslamalara ruhlandyrýar, öňküden-de beýik sepgitlere ýetip Watanymyzyň, il-halkymyzyň rowaçlanmagyna öz goşandymyzy goşmaga güýç berýär.

Biz talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdasym gelýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-günümizi, Watanymyzy beýik özgertmelere eltýän tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Kompýuter lingwistikasy ugrunyň Dil öwreniş bölüminiň talyby              

Halbaýewa Hatyja

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: