BIZE YAZYARLAR

Ýaşlar ― Watan kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk, dünýewi ösüş ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda röwşen geljegimiz bolan ýaşlara möhüm orun degişlidir.

Ýurdumyzyň ösüşine, rowaçlygyna mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, zehinli, gujurly ýaşlar Watanymyzyň buýsanjydyr. Durmuşda ýaşlyk düşünjesi täzeçillik, joşgun, dostluk, kämillik, söýgi, umyt-arzuwlar ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Her bir döwletiň taryhy ösüşi köp babatda yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän ýaşlara baglydyr. Ata Watanymyz bu günki gün ählumumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, ýaşlaryň ýaşaýşyny, hukuk goraglylygyny hem-de durnukly ösüşini, olaryň bilim, ylym, hünär başarnyklaryny üpjün edýän dünýäde parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleri dabaralandyrýan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Ýaşlara döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde kämil hünärli, ýokary ahlakly we ruhubelent nesiller kemala gelýär. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary we içeri syýasatyndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli innowasion binýatly döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly döwlet hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Bu günki gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bagtyýar çagalaryň we ýaşlaryň durmuş ýörelgelerine öwrüldi.

Biz ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 Şeker Atajanowa,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: