YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýylyň başyndan bäri 40,3 müň tonna pagta süýümi öndürildi

Şu ýyl lebaply pagtany gaýtadan işleýjiler tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýylyň birinji ýarymynda pagta süýüminiň 40,3 müň tonnasy öndürildi.

Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3,5 müň tonna artykdyr. Ýeňil senagatyň welaýatymyzdaky kärhanalarynda gymmatly çig maldan nah ýüplükleri öndürmekde hem gowy netijelere eýe bolunýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda içerki we daşarky bazarlarda ösen islegden peýdalanýan nah ýüplükleriň 175,6 million manatlygy öndürildi we geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne seredende 43 göterime golaý ösüş depgini üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: