JEMGYÝET

«Gülüň owadan» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

 Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet merkezinde «Gülüň owadan» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda bäsdeşler öz çykyşlarynda türkmeniň gülli keçeleriniň gadymylygyny we bu günki günde kämilleşen derejesini, keçe basmak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilişi, onda ulanylýan gurallaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de olar keçe güllemekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä Hojambaz etrabynyň topary birinji baýrakly orna mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Kerki we Saýat etraplarynyň gelin-gyzlary bäsleşigiň ikinji, Darganata we Köýtendag etraplarynyň toparlary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.    

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: