Lebap welaýatynda gök önümleriň we miweleriň bahalary peselýär

Lebaply ekerançylar ilaty ýokumly gök we bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň geçen alty aýynyň görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçen döwürde gök önümleriň 44,5 müň tonnasy, ýeralmanyň 73,9 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,2 müň tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr. Ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň bu ýokumly önümler bilen bolelin üpjün edilmegi olaryň nyrhlarynyň elýeterli bolmagyna uly ýardam berýär. Has takygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nyrhlar alma boýunça 40,75 göterim, pomidor boýunça 32,99 göterim, hyýar boýunça 25 göterim, ýeralma boýunça 16,07 göterim peseldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector