YKDYSADYÝET

Türkmenabatly himiýaçylar mineral dökünleriň öndürilişini artdyrýarlar

270,5 müň tonna fosforly mineral dökün. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda tamamlanan ýylda şonça önüm öndürildi we ýurduň ýer eýelerine ugradyldy. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň 121 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Bu ýerde şeýle-de geçen ýylda kükürt kislotasynyň 111 müň tonnasy öndürildi. Türkmenistanda fosforly dökünleri öndürýän bu ýeke-täk baýry kärhanada ýakyn ýyllarda möhüm taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Peýda boljak täze önümçilikler oba hojalygy üçin zerur bolan mineral dökünleriň görnüşlerini we öndürilişini düýpli artdyrmaga uly ýardam berer.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: