JEMGYÝET

Ertir Türkmenistandan Russiýa ýörite gatnaw amala aşyrylar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 14-nji aprele meýilleşdirilen «Aşgabat — Moskwa» ugry boýunça ýörite gatnaw barada habar berdi, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

«Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan «Aşgabat — Moskwa» ugry boýunça 14-nji aprele meýilleşdirilen uçuş 10:00-da amala aşyrylar» diýip, diplomatiki wekilhananyň «Telegram» kanalynda ýerleşen habarynda bellenilýär.

Görkezilen gatnawa petek satmanklyk düýn «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň kassalarynda satylyp başlandy. Uçar peteginiň bahasy ABŞ-niň 600 dollaryna barabar.

Russiýa uçýan daşary ýurt raýatlarynyň 48 sagadyň dowamynda hereket edýän otrisatel PSR-testi bolmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: