YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýygnaldy

Şu ýylyň geçen on aýynda Lebap welaýatynda ähli hojalyklar boýunça ýeralmanyň 109,9 müň tonnasy ýygnaldy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Möhüm azyk önüminiň öndürilýän möçberleriniň barha artdyrylmagyna Çärjew etrabynyň ekerançylary has saldamly goşant goşdular. Etrap boýunça geçen döwürde ýeralmanyň 31 müň tonnasy öndürildi. Bu babatda Halaç (27,3 müň tonna), Saýat (12,8 müň tonna) etraplarynda hem düýpli ilerlemeler üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: