«Sada suw» hojalyk jemgyýetinde miwe şire suwlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Sada suw» hojalyk jemgyýetinde miwe şire suwlarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Häzirki wagtda bu ýerde miwe şire suwlarynyň 9 görnüşi öndürilýär. Olar «Elle», «Ilkent», «M5», «Oba» haryt nyşany bilen 0,25 we 0,5 litrlik aýna gaplara gaplanylýar. Miwe suwlary erik, şetdaly, ülje, tokaý miweleri, alma-käşir, mango, alma, pyrtykal, gawun-garpyz, banan, ak üzüm, zirk, böwürslen, nar, pomidor we tropiki miweler tagamyndadyr. Taýýar önümler Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky we Aşgabatdaky söwda nokatlaryna iberilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector