YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýene bir elektrik bekedi işe girizilmäge taýýar

Lebap welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde gurlan döwlet elektrik bekedi işe girizilmäge taýýar edildi we ýakyn günlerde onuň açylmagyna garaşylýar.

Gaz turbinaly täze elektrik bekedini «Sumitomo Corporation» ýapon şereketi gurdy. Onda «Mitsubishi Hitachi Power Systems» ýapon şereketiniň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan üç sany gaz turbinasy oturdyldy. Onuň umumy kuwwaty 432 MWt bolar.

Bu welaýatyň çäginde soňky ýyllarda gurulan elektrik beketleriniň üçünjisidir. Onuň işe girizilmegi sebitiň elektrik togy bilen üpjünçiligini mundan beýläk gowulandyrmak bilen hatarda, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiligini hem artdyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: