SPORT WE SYÝAHAT

Özbegistanyň kluby rus tälimçisine 1,6 million dollar tölemeli edildi

Futbolyň Halkara federasiýasy (FIFA) Andreý Kançelçkisiň Özbegistanyň «Nawbahor» futbol klubynyň garşysyna beren işi boýunça karar çykardy. Bu barada «rambler.ru» habar berýär.

Klubyň oňa bergisiniň mukdary 1,6 million dollara barabar boldy. Ondan daşary ol göterim hem tölär.

Kançelçkis «Nawbahorda» 2018-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň noýabryna çenli işledi, şol ýylyň awgustynda ol baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. 2020-nji ýylyň oktýabrynda ol klubuň aýlyk bergisiniň barlygy we onuň tölegi boýunça üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli eýeleýän wezipesini goýdy. Kançelçkis işlän döwründe «Nawbahor» soňky 13 ýylyň dowamynda birinji gezek Özbegistanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: