YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýyllyk meýilnama üç esse gowrak ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda geçen ýylda 3 million 525 nüň manatlykdan gowrak işi ýerine ýetirdiler. Bu meýilleşdirileninden 2 million 458 müň manada ýakyn köpdür.

Kärhananyň hünärmenleri oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýärler. Bu ýerde oba hojalygynda ulanylýan traktorlaryň, kombaýnlaryň käbir şaýlaryny ýasamagy ýola goýdular. Azallaryň, kultiwatorlaryň, dökün berijileriň we beýleki tehnikalaryň detallaryny ýasaýarlar. Zawodyň zähmetkeşler toparynyň tagallalary bilen möwsümleýin ulanylýan tehnikalar wagtynda abatlanylýar. Bu bolsa oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmäge şert döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: