Hytaýyň baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan — Hytaý turba geçirijisi arkaly Hytaýa «mawy ýangyjyň» 21,91 million tonnasy akdyryldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti şeýle ýazýar:
Munuň özi Türkmenistanyň gaz geçiriji arkaly Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz ibermekde dünýäde liderlik edýändigini görkezýär. Hytaýa gaz akdyrmakda geçen ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça 2-nji orny Russiýa Federasiýasy (6,6 mln. tonna), 3-nji ýeri Gazagystan Respublikasy (4,02 mln. tonna) eýeleýär.