Türkmenabatdaky «Buýan» obasenagat toplumynyň eksporta çykarýan önüminiň mukdary barha artýar.
Geçen ýyl bu ýerde buýanyň goýy we gury ekstraktlarynyň eksporty boýunça meýilnama 104%, buýan köküniň eksporty boýunça 105% ýerine ýetirildi. Toplumyň önümi Serbiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Hindistan ýaly ýurtlara ugradyldy.
Welaýatyň tebigy şertleri, geografiki ýerleşişi bu dermanlyk ösümligiň kökünde peýdaly maddalaryň has köp jemlenmegine şert döredýär. Amyderýanyň iki kenarynda Kelif bilen Gazojak aralygynda ösýän buýanlaryň kökünde beýleki ýerlerde ösýänleriňkä garanda, peýdaly maddalaryň çykymyň has ýokarydygy anyklanyldy. Bu bolsa toplumyň önümine bolan islegiň ýokary bolmagynda galmagyny şertlendirýär.
Buýan köküni gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan önümler derman we azyk senagatlaryndan giňlen peýdalanylýar.