YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde 104 göterimden gowrak ösüş depgini gazanyldy

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 6 müň 771 tonna nah ýüplük öndürildi. Şu döwürde taýýarlanylan önümiň umumy bahasy 129 million 675 müň manat boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Şu wagta çenli taýýarlanan önümiň 5 müň 901 tonnasy sarp edijilere ugradyldy. Fabrikde öndürilýän nah ýüplükler daşary bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Onuň önümi  Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: