YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz köp möçberlerde eksport edilýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň başyndan bäri suwuklandyrylan 97 müň 236 tonnasy eksporta ugradyldy.

Munuň özi meýilnamada bellenilenden 10515 tonna artykdyr. Müdirlik boýunça ýylyň geçen on aýynda suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi. Ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagyna müdirligiň Naýyp we Bagaja gaz känlerinde hereket edýän desgalarynyň hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: