YKDYSADYÝET

«Her günde» günde ortaça 2 tonna süýt önümleri öndürilýär

Bu zähmet görkezijisi Lebap welaýatynda iş alyp barýan telekeçi Alym Joraýewiň «Her gün» hususy kärhanasyna degişlidir. Bu ýerde öndürilýän we «Her gün»  haryt nyşany bilen içerki sarp edijilere ugradylýan ýokary hilli süýt önümlerine isleg barha uludyr. Kärhanada gatyk, kefir, aýran, dorag, gaýmak, peýnir ýaly süýt önümleriniň birnäçe görnüşi taýýarlanylýar. Aýratyn hem «Her gün» haryt nyşanly ereme peýnirdir gatyga isleg has-da uly.

Önümçilikde çig mal telekeçä degişli bolan ýörite maldarçylyk hojalygynda idedilýän simmental tohumly gara mallardan, dowarlardan alynýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: