Türkmenistanda elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberi artýar
25-nji noýabrda bolup geçen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmak we eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletleriň birnäçesine iberilýän möçberi ýylsaýyn artýar. «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy hereket edýän şertnamalara goşmaça ylalaşyklaryň birnäçesini baglaşmagy meýilleşdirýär.
Şonuň ýaly-da, wise-premýer ýurtda «ýaşyl» energetikany ösdürmek, hususan-da, ykdysady taýdan amatly, ekologik taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.