DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Betbagtçylyk oýlap tapyş etmäge itergi berdi

Morze kodunyň meşhur oýlap tapyjysy diňe bir alym, fizik we görnükli inžener däl, eýsem, suratkeş hem bolupdyr. Uzak wagtlap Morzäniň tehniki ylymlara we amaly oýlap tapyşlara garanyňda sungata has köp gyzyklanýandygyny bellemek ýerliklidir. Şeýle-de  bolsa, 1825-nji ýylda beýik oýlap tapyjynyň maşgalasy betbagtlyga sezewar boldy. Bir gün irden bir habarçy Samuwele hat ýazyp,söýgüli aýalynyň agyr syrkawlandygyny habar beripdir.Sol gün oýlap tapyjy işleýän ýeri bolan Waşingtondan çykyp,öýüne gaýdypdyr, ýöne gelen wagty aýaly eýýäm aradan çykan eken.

Onuň bilen hoşlaşyp bilmändiginden lapykeç bolan Morze surat çekmekden ýüz öwrüp, adamlara habar alyşmaga mümkinçilik berýän bir zat döretmegiň ugruna çykypdyr. Şeýlelikde, 1838-nji ýylda elektrik telegrafa peýda bolupdyr. Onda häzirlerem ulanylýan rowaýata öwrülen Morze kodundan peýdalanypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: