BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze klub açyldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde filosofiýa kluby açyldy. Onuň maksady talyplary filosofiýany öwrenmäge höweslendirmekden we alýan bilimlerini kämilleşdirmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

Onuň açylan güni bu ýerde filosofiýa, logika, etika, epistemologiýa, metafizika we psihologiýa boýunça tematiki sergi guraldy. Şonuň ýaly-da, bu ýerde talyplaryň çeken suratlary we ýasan heýkeltaraşlyk eserleri görkezildi. Klubyň açylyş dabarasynda talyplar türkmen we iňlis dillerinde aýdym aýtdylar, Magtymgulynyň filosofiki goşgularyny labyzly okadylar. Dabaranyň tamamlaýjy tapgyrynda klubyň agzalary teatrlaşdyrylan «Imitasiýa oýnuna» gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: