JEMGYÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýörite döredilen dolandyryş Merkezi Awazada tomusky dynç alşy sazlaşdyrar

«Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şeýle hem resminama bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;
Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde raýatlaryň tomusky dynç alyş meselelerine seredildi.
Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.
Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli bolarlar hem-de COVID-19-a garşy test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almaly bolar. Häzirki wagtda bu işgärlere koronawirusa garşy sanjym edildi.
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny geçerler.
Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçenilýär.
Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we izolýatorlarda beýlekilerden üzňe saklamak üçin ýerler tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar.
Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa «Tiz kömek» awtoulagy berkidiler. Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.
Dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseline güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin merkezine ýerleşdiriler.
«Awazada» ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinfeksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçiriler. Naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler.
Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik amala aşyrylar. Hazaryň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr. Saglygy dikeltmek üçin «Awaza» şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama esasynda berilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply