YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi artýar

Şu ýylyň geçen döwründe ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine welaýat boýunça gönükdirilen düýpli maýa goýum serişdeleri 831,1 million manada barabar boldy, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende bu görkeziji 127,9 göterim köpdür. Olardan 551,3 million manady, ýagny, maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 66,3 göterimi önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly desgalarda özleşdirilen döwletiň maýa goýum serişdeleri 280 million manada golaý boldy we maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 33,7 göterimine barabar boldy. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden artyk boldy, diýip, neşir ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: