JEMGYÝET

Hytaýda ýasalan magnit ýassygyndaky otly sagatda 600 kilometr tizlikde ýöreýär

Hytaýda ýene-de bir ýokary tizlikli ýolagçy otlusy işe girizildi. Magnit meýdanynda ýöreýän täze otly sagatda 600 kilometr tizlikde hereket etmäge ukyply. Bu sesiň tizliginden iki esse diýen ýaly pes, diýip «mail.ru» ýazýar.

Ýurduň «СRRC» döwlet kompaniýasy tarapyndan gurlan bu otly Hytaýdaky ähli otlulardan tizligi boýunça ep-esli tapawutlanýar. Şeýle hem, täze otlynyň tizligi dünýä rekordyna ýakynrak. Bu ugurda dünýä rekordy ýaponlara degişli bolup, ol 603 km/sagatdyr.

Täze ýokary tizlikli otlusy häzirlikçe 5 wagondan durýar, emma hytaýlylar geljekde oňa wagonlaryň 10-syny çatmagy meýilleşdirýärler. Öndürijileriň bellemeklerine görä, otly Pekinden Şanhaýa 3 ýarym sagatda barar. Bu şeýle aralygy geçmek üçin beýleki ýokary tizlikli otlularda sarp ediljek wagty 2 sagada çenli azaltmaga mümkinçilik berer. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: