DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Norwegiýa uly meteorit düşdi

25-nji iýula geçilýän gije Oslodan uzak bolmadyk ýerde güýçli şöhle ýalpyldap gitdi. Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, onuň yzyndan güýçli gümpüldi eşidilipdir. Ekspertleriň aýtmaklaryna görä, ýerli ýaşaýjylar uly meteoritiň gaçanyny gören bolmaly, diýip «mail.ru» ýazýar.

Norwegiýanyň meteorit seti onuň 25-nji iýulda ýerli wagt bilen 1:00-da peýda bolandygyny we Skandinawiýanyň günorta böleginiň köp ýerinde azyndan bäş sekundlap görünendigini habar berdi. Hünärmenler meteoritiň sekundda 16,3 kilometr tizlik bilen hereket edendigini belleýärler. Ozalyndan berlen maglumatlara görä, meteorit Oslodan takmynan 60 kilometr günbatar tarapda ýerleşýän Finnemarka diýen ýeriň ýanyndaky tokaýlyga düşüpdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: