YKDYSADYÝET

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň öndürilişi artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen döwürde 4 million 108 müň tonnadan gowrak nebit çig malynyň 4 million 84,2 müň tonna barabary gaýtadan işlenildi. Netijede meýilnama 110 göterimden geçirilip ýerine ýetirildi.

Kärhana boýunça şu döwürde awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň 1 million 282 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu bellenilen meýilnamadan 189 müň tonnadan hem köpdür. Kerosin öndürmegiň meýilnamasy 112,7 göterim, çalgy ýaglary 102,8 göterim, suwuklandyrylan gaz 117,7 göterim, nebit bitumy boýunça 148,5 göterim, dizel ýangyjy babatda bolsa 112 göterimden geçirilip ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: