YKDYSADYÝET

Kerpijiň öndürilişi artdyrylýar

«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň demirbeton kärhanasynyň kerpiç zawodynda ýylyň başyndan bäri 2 million 614 müňden gowrak bişen kerpijiň öndürildi.

Ýokary hilli gurluşyk önümleri öz wagtynda gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar. Zawodda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterimden gowrak ösüş depgini gazanyldy. Önüm üçin zerur bolan toýunyň saýlanyp alynmagy, kerpiji bişirmek tehnologiýasynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy onuň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: