SYÝASAT

Lebap welaýatynda iki etrap ýatyryldy  

 Şu gün ýurduň merkezi gazetlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Karary çap edildi.

Oňa laýyklykda, Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etraplary ýatyryldy. Onda Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmeli diýlip bellenildi.

Döwletli etrabynyň 220776 ga ýerlerini we Döwletli şäherçesini hem-de bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny, Berkararlyk, Hojahaýran, Miras, Pagtaçy, Tallymerjen, Täzedurmuş geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine, 183540 ga ýerlerini we Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat, Serdar, Türkmenistan, Ýalkym geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmeli diýlip kesgitlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: