SYÝASAT

Lebap welaýatynda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlary üýtgedildi

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Karary Lebap welaýatynda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlary üýtgedildi.

Saýat etrabynda Tejribeçiler geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa Çarbagdepe ady dakyldy; Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň ady üýtgedilip, oňa Lebapoba ady dakyldy; Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bagtyýarlyk ady dakyldy.

Çärjew etrabynda Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Rowaçlyk ady dakyldy; Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ak altyn ady dakyldy; Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň ady üýtgedilip, oňa Magtymguly Pyragy ady dakyldy.

Şonuň ýaly-da, Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Abadan adyny dakyldy.

Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Çarşaňňy ady; Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Balh ady dakyldy.

Şeýle hem, Karar bilen Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze dörän ilatly ýere oba derejesi berildi we oňa Dostluk adyny dakylyp, Hojaili geňeşliginiň düzümine goşuldy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: