MEDENIÝET

Lebap welaýatynda drama toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

 Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäher we Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýlerinde höwesjeň drama toparlarynyň arasynda welaýat bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň jemi boýunça Dänew etrabynyň Seýdi şäher medeniýet merkeziniň drama topary birinji, Saýat etrabynyň Gyzan we Awçy oba medeniýet öýleriniň bilelikdäki drama topary ikinji, Halaç etrabynyň Haryn oba medeniýet öýüniň drama topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Lebap welaýatynyň şäher, etrap we oba medeniýet öýlerinde teatr toparlary hereket edip, olarda höwesjeň artistler dürli temalara bagyşlanan sahnalary goýýarlar. Şeýle bäsleşikler bolsa olaryň arasyndan zehinli toparlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: