MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Şu gün Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär.
Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlar ertir irden Türkmenabat şäheriniň «Ýedigen» seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Olar beýik şahyryň heýkeliniň öňünde baş egmek bilen onuň galdyran edebi mirasyna hormatyny beýan etdiler.
Döredilen wagtyndan bäri näçe ýyllar geçse-de, şahyryň ähmiýetini ýitirmän gelýän goşgulary il arasynda uly meşhurlyga eýedir. Onuň döredijiligi orta mekdeplerde öwrenilýär, alymlar ony öwrenmegi dowam etdirýärler, bagşylar, aýdymçylar şahyryň goşgularyny aýdym edip ýerine ýetirýärler. Magtymgulynyň eserleri yzygiderli neşir edilýär. Olar dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: