JEMGYÝET

Türkmenistanda maý aýy medeni çärelere baý bolar

Maý aýynda türkmenistanlylara baý medeni çäreler garaşýar. Mysal üçin höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary geçiriler. Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlarynyň geçirilmegine hem garaşylýar. Şonuň ýaly-da, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Maý aýyna ençeme baýramlar hem düşýär. Olaryň arasynda Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni bardyr. Şeýle hem, bu aýda «Soňky jaň» dabarasy hem geçirilýär.

Olaryň hemmesi hem Türkmenistanda giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde bu baýramlar mynasybetli dürli medeni çäreleriň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: