JEMGYÝET

Täze filmiň görkezilişi boldy

 «Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl alma» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Film Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürildi. Filmiň režissýory Hekim Alowow. Adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar, birek-birege ýagşylyk etmek ýaly asylly ýörelgeler baradaki pikirler filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 

Filmde baş gahrymanlardan Mergeniň keşbini Ahmet Amandurdyýew, Almanyň keşbini Altyn Berdiýewa ýerine ýetirýär. Medet awçynyň keşbini Söhbet Täçmämmedow, Nazar bagbanyň keşbini Şyhmämmet Mollaýew döredipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: