YKDYSADYÝET

«Kerwenler» hususy kärhanasynda ýüň ýüplükler we ýorganlar öndürilýär

«Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, «Kerwenler» hususy kärhanasynda (Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby) 1 aýyň dowamynda ýüň ýüplükleriniň 15 tonnadan gowragy, örtgüleriň 15 müň metrden gowragy, ýorganlaryň bolsa müňlerçesi öndürilýär.

Hususy kärhanada öndürilýän ýüň ýüplükleri bolsa içerki bazarda iň geçginli haryt hasaplanýar. Ýurdumyzyň haly kärhanalary haly dokamak üçin şertnama esasynda kärhananyň ýüplüklerini yzygiderli satyn alýarlar. Dürli galyňlykda we dürli ölçegde nah ýüplüklerinden dokalýan örtgüler bolsa müşderileriň islegine görä dokalyp berilýär. Dürli reňkdäki ýüň ýorganlar buýurmalar esasynda hem öndürilýär. Ýaňy-ýakynda bolsa ýüň ýorganlaryň müňlerçesi buýurmalar esasynda ýurdumyzyň harby gullukçylary üçin öndürilip başlandy.

«Kerwenler» hususy kärhanasynyň önümleri Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna eksporty ýola goýlan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: