YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda azyk harytlarynyň nyrhlary peselýär

 Üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda möhüm azyk önümleriniň nyrhlarynyň peselýändigi bellenilýär. Has takygy,  oktýabr aýynda öňki aý bilen deňeşdirilende peýnir we dorog boýunça bölek-satuw nyrhlary 24,4 göterim, üzüm boýunça 8,59 göterim, käşir boýunça 5,17 göterim, kelem boýunça 4,55 göterim, düýp sogan boýunça 4,01 göterim peseldi. Şeýle peselme limon, guradylan noýba, tüwi, şeker boýunça hem ýüze çykdy.

Nyrhlaryň peselmegi sarp ediş bazarynyň ösen islegden peýdalanýan azyk harytlary bilen yzygiderli, ýeterlik möçberde üpjün edilýändigi, ýurdumyzda bu önümleriň öndürilişiniň barha artdyrylýandygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: