YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky Himiýa zawody önümçiligiň gerimini giňeldýär

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynda oba hojalygynda ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan, düzüminde 9 ― 11 göterim fosfory, 8 ― 10 göterim azody saklaýan dökünler öndürilip, ýurduň ähli künjegine iberilýär.

Oba hojalyk hünärmenleriniň ýene-de köp isleg bildirýän harytlarynyň biri-de «Kükürtli» himiki serişdesidir. Ol ekinlere zyýan berijileriň garşysyna göreşmekde uly ähmiýete eýedir. Senagat kärhanalary bolsa kükürt kislotasy bilen gerekli mukdarda üpjün edilýär.

Netijede öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, hünärmenlerimiz beýleki senagat kärhanalarynyň hem durnukly işlemeklerine saldamly goşant goşýarlar. Ondan daşary tehniki we lukmançylyk kislorody, Köýtendag etrabyndaky şahamçada bolsa ýokanç keselleriň öňüni almakda ulanylýan hlorly hek öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: