YKDYSADYÝET

Lebapda möwsümleýin oba hojalyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar

Şu günler Lebap welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bular barada welaýatyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň düýn sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda habar berdi.

Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, kada laýyk saklamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: