YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýyl süýdüň öndürilişini artdyrdylar

Geçen ýylyň görkezijileri Lebap welaýatynyň telekeçileriniň süýdüň öndürilişini’ möçberini artdyrandyklaryna şaýatlyk edýär. Olar on iki aýyň dowamynda 1738,5 tonnadan geçirip süýt sagyp aldylar. Bu telekeçileriň 2021-nji ýyldaky görkezijisinden 128,5 tonna ýakyn köpdür.

2022-nji ýylda welaýatda 52 sany telekeçi iri şahly mallary süýt öndürmek üçin idetdiler. Olaryň käbirleri önümçiligiň depginini has ýokarlandyrdylar. Mysal üçin, «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarlary 278 tonna ýakyn süýt sagdylar. Bu 244 tonna gowrak köpdür. Çärjew etrabyndan telekeçi Patma Jumaýewa 110 tonna süýt sagyp aldy. Bu onuň geçen ýylky görkezijisinden üç essä ýakyn köpdür. Sagymlyk sygyrlary geçen ýyl ýetişen, işini Çärjew etrabynda alyp barýan Ramazan Hojamkukyýew bolsa 74 tonna nüm almagy başardy.Şu etrabyň ýaşaýjysy Mansur Altybaýew bolsa zähmet öndürijiligini iki esse artdyrdy we 72 tonna süýdi ulanyjylara iberdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: