YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda 2028-nji ýyla çenli binalaryň we desgalaryň kyrkdan gowragy gurlar

2022 — 2028-nji ýyllarda Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda 2022 — 2028-nji ýyllarda 43 bina we desga gurlar, diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olaryň hatarynda 3 sany hassahana, 5 sany saglyk öýi we merkezi, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 18 sany umumybilim berýän orta mekdep, 3 sany medeniýet öýi bar. Bulardan başga-da, şu döwürde 304,79 kilometr suw geçiriji, 5 sany suw arassalaýjy desga, 78,62 kilometr lagym geçiriji, 3 sany lagym arassalaýjy desga, 769,07 kilometr awtomobil ýoly, 346,81 kilometr gaz geçiriji we 474,65 kilometr elektrik geçiriji gurlar. Aragatnaşyk ulgamy boýunça 437,96 kilometr telefon ulgamy çekiler, şeýle hem 11184 sany telefon belgisi işe giriziler. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,5 müň inedördül metri gurlup, ulanmaga berler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: