YKDYSADYÝET

«Täze güzer» betondan gurluşyk we bezeg önümleriniň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär  

Ýakynda önümçiligini ýola goýan «Täze güzer» hojalyk jemgyýeti jaýlaryň daşky bezeginde peýdalanylýan betondan gurluşyk we bezeg önümleriniň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär.

Bu hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky mebel toplumynda ýerleşýän önümçilik binasynda otag we bezeg gülleri üçin güldanlary, jaýlaryň daşky bezegi üçin ulanylýan gurluşyk we bezeg önümleri öndürilýär. Kärhanada önüm öndürmek üçin peýdalanylýan çig mal hökmünde ýerli serişdelerden peýdalanylýar. 37, 45, 57, 60, 70, 80, 100 santimetr ölçegdäki we tegelek, üçburç, dörtburç, altyburç, şeýle-de sekizburç görnüşdäki bezeg önümleri içerki bazarda gyzgyn garşylandy. «Täze güzer» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geljekde önümçiligini has-da giňeltmegi, önümleriň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýärler.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: