JEMGYÝET

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň kitap gory barha artýar

Geçen ýyl Lebap welaýat çagalar kitaphanasyna 360-dan gowrak kitap gelip gowuşdy. Netijede häzir kitaphananyň gorunda 117 müň 330-dan gowrak kitap bar.
Kitaphana 1960-njy ýyldan bäri işleýär, onuň işgärleri şu döwre çenli ýüzlerçe müň okyja hyzmat etdiler. Häzirki wagtda kitaphananyň 9 müň gowrak okyjysy bar.
Kitaphananyň hünärmenleri diňe okyjylara kitap bermek, gerekli edebiýatlary saýlamaga we gözläp tapmaga kömek etmek bilen çäklenmeýärler. Olar bu ýere gelýänleriň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini guramak üçin çalyşýarlar. Tematiki sergileri guraýarlar, filmleri we wideo rolikleri görkezýärler. Şonuň ýaly-da, okyjylar gyzyklanýan temalary boýunça audio ýazgylary diňläp bilýärler. Ýetginjek okyjylar teatrlaşdyrylan görkezişleri, tematiki edebiýat agşamlaryny we beýleki çäreleri geçirmäge höwes bilen gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply