Rus waksinasyny «Спутник V» -18 gradusa derek +8 gradusda saklap bolýar

Jan 22, 2021

Koronawirusa garşy urulýan «Спутник V» rus waksinasyny Selsiý boýunça +2-den +8 gradusa çenli temperatura durnuklylygyny barlap gördüler. Görüp otursalar, serişde özüniň hilini ýitirmeýär eken. Bu baradaky habar «rambler.ru» saýtynda çap edildi.
Barlagy Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa Milli barlag merkezi Russiýada waksinany öndürijileriň biri bilen bilelikde geçiripdir. Indi saklamagyň täze şertleri bilen baglanyşykly onuň bellige alnyş şahadatnamasyna üýtgetmeler giriziler. Häzir bu baradaky resminamalary Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde tassyklaýarlar.
Ýöne ýyly temperaturada ony alty aýa derek iki aýlap saklap bolar.
Häzir «Спутник V» waksinasynyň şahadatnamasynda ony -18 gradusda saklamaly diýlip ýazylan.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: