MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan «Watany goramak mukaddes borjumyzdyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Ony muzeýiň işgärleri we welaýatyň harby bölümleriniň wekilleri bilelikde guradylar.
Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň watançylyk temasyndaky kitaplary, Watan goragçylary we harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlar, ýurduň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmakda we Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Goşuny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylan işlere degişli maglumatlar ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň şöhratly taryhyna, syýasy we harby durmuşyna degişli özgertmeleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetçileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň işlemekleri we bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilýän şertleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän suratlar we ýazgylar, irki döwürlere degişli harby esbaplar, egin-eşikler, ordenler, medallar, olar bilen baglanyşykly maglumatlar hem goýlupdyr.
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply