YKDYSADYÝET

Lebap tehnikalaryň doly taýýarlygy bilen galla oragyna barýar

Şu ýyl galla oragy möwsüminde Lebap welaýatynda kombaýnlaryň 419-syndan peýdalanylar. Oraga kombaýnçylaryň 860-sy gatnaşar.

Şeýle hem galla oragy möwsüminde ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük ulaglarynyň 2200-e golaýy ulanylar. Welaýatda harmanhanalaryň 35-si, olardaky elektron terezileriň 38-si, hil barlaghanalary hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi. Tehnikalary abatlaýjy kärhanalaryň, goşmaça tehniki kömek gulluklarynyň işi orak mahalynda hasylyň çalt we isripsiz ýygnalmagyna gönükdiriler.

Ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň 60-dan gowragy kombaýnlara oragyň geçýän ýerinde hyzmat eder. Kombaýn sazlaýjylaryň 52-si, abatlaýjy mehanikleriň 100-e golaýy, tehniki kömek awtoulaglarynyň 20-den gowragy, nobatçy awtoulaglaryň 30-a golaýy bugdaý oragynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna ýardam bererler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: