YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde geçirilen maslahatdan soň ýaşulularyň ak pata bermegi bilen tehnikalar atyza girdiler.
Maslahatda ýerleri ekiş taýýarlamak, iş döwründe tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, tohumy agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ekmek we beýleki meselelere seredildi.


Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bu döwürde ulanyljak tehnikalaryň ählisi abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Ýerleri sürmek we ekişe taýýarlamak işine 208 traktor gatnaşdyryldy. Şu möwsümde atyzlara däne ekijileriň 306-sy çykarylar. Tehnikalaryň gurat işlemeklerini üpjün etmek ugrunda hem alada edildi. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýüze çykýan kemçilikleri wagtynda düzetmek üçin 90-a ýakyn topar döredildi.


Şu möwsümde Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekip, geljekki tomusda ondan 310 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply